Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: şaýy metjidine edilen hüjümde 28 adam öldürildi


Hüjümde ýaraly bolanlaryň sany 50-den geçýär.
Hüjümde ýaraly bolanlaryň sany 50-den geçýär.

Owganystanyň Saglyk ministrligi paýtagt Kabulda şaýy metjidine edilen hüjümde öldürilenleriň sanynyň 20-den 28-e galandygyny aýdy.

Saglyk ministrliginiň sözçüsi Mohammad Ismail Kawoosi 25-nji awgustda sagatlap dowam eden hüjümde 50-den gowrak adamyň, şol sanda çagalaryň we aýallaryň hemýaraly bolandygyny hem habar berdi.

Kabul hassahanalarynyň başlygy Mohammad Salim Rasuli pidalaryň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne aldy. Bu topar ýurduň şaýy azlygyny mundan öň hem nyşana alypdy.

Polisiýa iki sany janyndan geçen bombaçynyň Kabulyň Ymam Zaman metjidiniň agzynda özlerini partladandygyny aýtdy. Bina zabt eden iki sany başga hüjümçi bolsa, biraz soň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.

IIM-niň sözçüsi Najib Daniş bu hüjümiň dindarlar juma namazyna ýygnana wagtynda guralandygynyaýtdy. Ölenleriň arasynda iki sany polisiýa işgäri hem bar diýip, Daniş aýtdy.

XS
SM
MD
LG