Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili özüniň döwlet agdarylyşygyny planlaşdyrmakda aýyplanjagyny aýdýar


Mihail Saakaşwili
Mihail Saakaşwili

Gürjüstanyň ozalky prezidenti we Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili Gürjüstanyň we Ukrainanyň häkimiýetleriniň özüni Gürjüstanda döwlet agdarylyşygyny planlaşdyrmakda aýyplamagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.

Saakaşwili 26-njy awgustda Facebookda Gürjüstanyň häkimiýetleriniň “Ukrainadaky resmiler bilen doly koordinasiýada” basym özüne garşy aýyplama bildirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

"Olar [Ukrainanyň prezidenti Petro] Poroşenka bu aýyplamany 10-njy sentýabrdan öň bildirmegi wada berdiler” diýip, ol ýazdy. Ol bu aýyplamanyň ukrain häkimiýetlerine ony Ukraina gelip girse, şobada tussag etmek üçin “kanuny esas” berjekdigini belledi.

Saakaşwilibu aýyplamalaryň gülkünçdigini we syýasy äheňlidigini hem sözüne goşdy. Şol gün irden, Gürjüstanyň Rustawi – 2 telekanalynyň başlygy Nika Gwaramia özüniň Saakaşwilä garşy agdarylyşyk planlaşdyrmak aýyplamasynyň bildirilmek ähtimallygyna ynanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG