Sepleriň elýeterliligi

Putin Don boýundaky Rostowda bolan ýangyny doly derňemegi buýurdy


Don boýundaky Rostow, ýangyndan soňky görnüş.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 21-nji awgustda Don boýundaky Rostowyň merkezinde turan uly ýangyny jikme-jik derňemegi buýurdy.

Kremliň metbugat gullugy Putiniň 26-njy awgustda Moskwada adatdan daşary ýagdaýlar ministri Wladimir Puçkow bilen bu ýangyn barada gürleşendigini habar berdi.

Puçkow, beýanatda aýdylmagyna görä, bu ýangyna bilkastdan ot bermegiň sebäp bolan bolmagyny “aradan aýyrmaýandygyny” aýtdy.

Putin häkimiýetlere pidalara kömek bermegi hem-de bu hadysany doly derňemegi buýurdy.

Şäheriň taryhy merkezinde turan ýangyn 120 çemesi binany, şol sanda 100 töweregi ýaşaýyş jaýyny weýran etdi. Ýangynda bir adam öldi, 600 töweregi adam başga ýere ewakuasiýa edildi.

Rostow oblastynyň gubernatory Wasiliý Golubew şu hepdäniň başynda žurnalistlere, jaýlaryny we ýerlerini satyn almagy teklip edip, alyp-satarlaryň ýerli ýaşaýjylara ençeme gezek ýüz tutandyklaryny gürrüň berdi.

Ýangyn bolan ýer Don derýasynyň golaýynda we 2018-nji ýylda futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionaty üçin gurulýan stadionyň garşysynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG