Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: ýarag deposynda bolan partlamadan soň adamlar ewakuasiýa edildi


 Ok-ýarag deposynda dörän ýangynyň tüssesi
Ok-ýarag deposynda dörän ýangynyň tüssesi

Demirgazyk Azerbaýjanda ok-ýarag deposynda dörän ýangyn harby desganyň töwereklerinde ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda 27-nji awgustda ýaraglar deposynda dörän ýangyndan soň partlama bolandygy aýdylýar. Gilazi, Sitalçaý we beýleki ilatly nokatlaryň adamlary ewakuasiýa edildi diýip, beýanatda bellenýär.

Ministrligiň çap eden beýanatyna laýyklykda, "häzir ol ýerde ölen ýa ýaraly bolan adamlar barada maglumat ýok”.

Azerbaýjanyň Baş ýol polisiýasy departamenti bu hadysanyň bolan ýeriniň töweregindäki ýollaryň hereket üçin ýapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG