Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy komandasy 'Aziýa-2018' ýaryşynyň saýlap alyjy tapgyryndan çekildi


Türkmenistanyň we Täjigistanyň futbol boýunça ýaşlar komandalary, 22-nji ýanwar, 2015

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy komandasy 2018-nji ýylda Täjigistanda geçiriljek Aziýa-2018 saýlap alyjy tapgyryna gatnaşmakdan çekildi diýip, “Awesta” agentligi habar berdi. Maglumatda türkmen komandasynyň iýul aýynyň başynda “CIFA U-15 Boys Tournament 2017” halkara ýaryşynda üçünji ýer eýeländigi bellenýär.

Türkmen toparynyň Aziýa-2018 çempionatynyň saýlap alyjy tapgyryna gatnaşmakdan ýüz öwürmeginiň netijesinde Aziýanyň futbol boýunça konfederasiýasynyň “B” toparyndaky indi dört komandanyň gatnaşmagyndaky ýaryşlaryň geçiriljek wagtyny üýtgetdi diýlip maglumatda bellenýär.

Bu saýlap alyjy ýaryş 20-24-nji sentýabr aralygynda Gissar şäheriniň merkezi stadionynda geçiriler. Oňa Täjigistanyň, Siriýanyň, Maldiw adalarynyň we Omanyň ýaşlar ýygyndy komandalary gatnaşarlar.

XS
SM
MD
LG