Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň guramasynyň Moskwada bina gurmak mümkinçiligine seredendigi aýdylýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýuristi Tramp Guramasynyň Moskwada bina gurmak barada gepleşik geçirendigini we munuň 2015-nji ýylda hem 2016-njy ýylyň aýagynda prezidentlige dalaş etmek kampaniýasynyň dowam eden wagtyna gabat gelendigini Kongressiň derňewçilerine beren hasabatynda aýtdy diýip, ABŞ-nyň mediasy 28-nji awgustda habar berdi.

Agzalan döwürde Tramp Guramasynyň geňeşçisi bolan ýurist Maýkl Koeniň Wekiller öýüniň aňtaw komitetine beren iki sahypalyk hasabatynda mälim etmegine görä, gepleşikler “niýet haty” derejesine galdy, emma “dürli biznes sebäplerden” ýatyryldy diýlip, AP, “New York Times”, ABC News we beýleki media guramalary tarapyndan habar berildi.

Trampyň binasynyň Moskwada gurulmagyna degişli meseläniň Trampyň prezidentlik kampaniýasyna “gatnaşygy” ýok diýlip Koeniň aýdandygy media maglumatlarynda aýdylýar, şeýle-de onuň Trampa bu teklip barada “üç gezek” aýdandygy we Trampyň myhmanhana toplumyny gurmak hakynda hökmany bolmadyk kagyza 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekendigi bellenýär.

Şeýle-de Koen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskowa elektron hat iberip, bu meselede ýardam sorandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG