Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Karimowyň kiçi gyzy UNESCO-daky wezipesinden çekilýär


Lola Karimowa-Tillaýewa, Samarkand, 28-nji awgust, 2017

Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň kiçi gyzy Lola Karimowa-Tillaýewa BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça UNESCO guramasynda Özbegistanyň ilçisi wezipesinde dokuz ýyllap işläninden soň çekilýändigini aýtdy.

28-nji awgustda Samarkantda geçirilen halkara konferensiýasynda eden çykyşynda 39 ýaşly Tillaýewa özüniň “maşgalasyna, öz şahsy maksatlaryna we Yslam Karimowyň fondunyň programmalarynyň durmuşa geçirilmegine ünsi gönükdirmek” isleýändigini aýtdy.

Özbegistanyň öňki prezidentiniň gyzynyň bu karary Yslam Karimowyň ýogalmagyndan bir ýyl geçenson yglan edildi.

Öňki kommunist ýolbaşçysy Karimow ýurdy 27 ýylyň dowamynda dolandyrdy we ýurtda başga pikirdäkilere basyş görkezdi. Onuň uly gyzy 45 ýaşly Gulnara Karimowa öz wagtynda moda dizaýneri, pop aýdymçy we BMG-niň Ženewadaky agentliklerinde ilçi bolup, häzirki wagtda türmede saklanýar.

XS
SM
MD
LG