Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaranlar Phenýanyň Ýaponiýa tarap atan raketasyna jogap bermek barada ylalaşdylar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň çykyşyny görkezýän ekran, Tokio, 29-njy awgust, 2017
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň çykyşyny görkezýän ekran, Tokio, 29-njy awgust, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Phenýanyň 29-njy awgustda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Ýaponiýa tarap ballistik raketasyny atmagynyň yzýany Demirgazyk Koreýa basyşyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar diýip, Abeniň edarasy aýtdy.

“Olaryň biziň ýurdumyzyň üstünden ballistik raketasyny atmagy bilen bagly gahar dörediji hereketi öň görlüp-eşidilmedik çynlakaýdyr we regional parahatçylyga hem howpsuzlyga uly zeper ýetirýär” diýip, Abe Tokioda aýtdy we ýaňy-ýakynda Phenýanyň ballistik synaglaryny geçirmegi sebäpli Demirgazyk Koreýa garşy täze berk sanksiýalary girizen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatynyň geçirilmegine çagyryş etdi.

Ýaponiýanyň resmileri Ýaponiýanyň demirgazyk adasy Hokkaido tarap atylan raketanyň zeper ýetirmändigini aýtdylar.

ABŞ-nyň birleşdirilen harby ýolbaşçylygynyň başlygy Günorta koreýaly kärdeşleri bilen ylalaşýandygyny aýdyp, ýaranlaryň Phenýana “berk jogap” berilmelidigini we munuň “harby çäreleri” öz içine almalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG