Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) Gazagystanyň hökümeti we Ýadro howpuny azaltmak boýunça inisiatiwa (NTI) bilen bilelikde Günorta Gazagystanda az baýlaşdyrylan uran üçin täze bank goruny döredýärler. Oskemen şäherinde açylýan 150 million dollarlyk desganyň açylyş dabarasy 29-njy awgustda geçirilýär.
Bank “ýadro energetikasyna maýa ýatyrýan ýurtlary parahatçylyk maksatlary üçin ulanyljak ýangyç bilen üpjün eder we olaryň baýlaşdyrmak üçin öz obýektleriniň döredilmegine çykdajy etmezligini we global töwekgelçilikleri artdyrmazlygyny gazanar” diýlip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän NTI agentliginiň beýanatynda aýdylýar.
Maglumata görä, Wenada ýerleşýän Atom energiýasy boýunça halkara agentligi tarapyndan dolandyryljak bank “şuňa meňzeş ilkinji bolar we hiç bir aýra ýurda gözegçilik edip bilmez”. Bu ýangyç gorunda ýadro ýangyjy döretmek üçin zerur 90 tonna möçberinde az baýlaşdyrylan uran saklanar.