Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BMG-niň Tähranyň harby bazalaryna goýberilmegi barada ABŞ-nyň eden talabyny ret etdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

29-njy awgustda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro inspektorlarynyň Tähranyň harby bazalaryny baryp görmegi barada Birleşen Ştatlaryň eden talabyny ret etdi. Eýranyň käbir beýleki resmileri bolsa, bu pikiri “arzuw” diýip häsiýetlendirdiler.

Telewideniýede görkezilen çykyşynda Rohani Birleşen Milletler Guramasynyň Atom energiýa gullugynyň şuňa meňzeş saparlary kabul etmeginiň islendik ýagdaýda mümkin däldigini aýtdy.

“Biziň BMG-niň Atom energiýa gullugy bilen gatnaşyklarymyz düzgünlere görä kesgitlenýär, Birleşen Ştatlar tarapyndan däl. Men BMG-niň Atom energiýa gullugynyň şeýle inspeksiýany kabul etmeginiň mümkin däldigini görýärin. Emma bu gulluk kabul etse-de, biz muny kabul etmeris” diýip, Rohani belledi.

Şeýle-de, ol eger Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda Tähranyň dünýäniň kuwwatly ýurtlary bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan yza çekilmäge synanyşsa, onda munuň Waşingtonyň ýaranlary tarapyndan o diýen goldaw tapmajagyny hem nygtady.

“[Ýewropa Bileleşiginiň] 28 ýurdy, ýagny Amerikanyň ýaranlary [ylalaşyga] wepalydyklaryny aç-açan aýtdylar” diýip, Rohani belledi.

XS
SM
MD
LG