Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa has köp raketa synagyny geçirmegi wada berýär


Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyndan soň, Ýaponiýada ýoldan geçip barýan adamlar telewideniýede ýurduň kartasyna tomaşa edýärler. 29-njy awgust, 2017 ý.

Phenýan Ýaponiýa tarap ballistik raketany atandan bir gün soň, 30-njy awgustda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Ýuwaş okeanyna has köp ballistik raketany atmagy wada berdi diýip, Demirgazyk Koreýanyň resmi habar gullugy aýdýar.

Kimiň soňky haýbaty, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 29-njy awgustda atylan raketany “elhençlik” hökmünde biragyzdan ýazgaran we ähli ýurtlary Phenýana garşy sanksiýalary girizmäge çagyran mahalyna gabat geldi.

Geňeşiň Hytaý we Russiýa tarapyndan goldanylan rezolýusiýasynda “parahatçylykly, diplomatik we syýasy çözgüde” çagyryş edilip, Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalaryň güýje giriziljekdigi barada haýbat atylmaýar.

Koreýanyň Merkezi habar gullugynyň maglumatyna görä, Kim öz ýurdunyň strategik harby güýjüniň ukyplaryny özgertmek üçin “Hwasong-12” atly ortadan uzak aralyga niýetlenen raketany ýene atmagyň zerurdygyny aýtdy.

29-njy awgustda Ýaponiýanyň resmileri ýurduň demirgazyk adasy Hokkaido tarap atylan raketanyň zeper ýetirmändigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG