Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan kanunçykaryjysynyň öýüne edilen hüjümde iki howpsuzlyk garawuly öldi


Jalalabat şäherinde owgan howpsuzlyk güýçleri partlamanyň amala aşyrylan ýerini derňeýärler. 30-njy awgust, 2017 ý.

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda kanunçykaryjynyň öýüne edilen janyndan geçeniň hüjüminde iki howpsuzlyk garawuly öldürildi diýip, ýerli resmiler aýdýarlar.

Nangarhar welaýat häkiminiň metbugat wekili Ataullah Hogýaniniň aýtmagyna görä, janyndan geçen bombaçy 30-njy awgustda kanunçykaryjy Zahir Kaderiň welaýatyň paýtagty Jalalabad şäherindäki öýüniň daşynda özüni partlatdy.

Bu wakada ýene bir howpsuzlyk garawuly ýaralandy diýip, Hogýani belledi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Soňky aýlarda Nangarhar welaýatynda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşdy. Bu welaýatda “Talyban” we “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri hereket edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG