Russiýa Demirgazyk Koreýa garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmegine ýa-da harby operasiýanyň geçirilmegine garşy çykdy.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen geçiren telefon gepleşiginde, Phenýanyň şu hepdedäki ballistik raketa synagynyň fonunda, oňa garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmeginden ýa-da harby operasiýanyň geçirilmeginden saklanmagy sorady.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp raketa synagyndan soň harby operasiýanyň ýa-da goşmaça sanksiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini duýdurypdy.
Şol bir wagtda, Britaniýa we Ýaponiýa Demirgazyk Koreýa girizilen öňki sanksiýalaryň ýeterlik netije bermeýändigini aýdyp, ýene goşmaça gadagançylyklaryň gerekdigini öňe sürdüler.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!