Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Parlamenti Trampyň “bukalga” belliklerini ret etdi


Pakistanyň Parlamenti. Arhiwden alnan surat.

Pakistanyň kanunçykaryjylary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurduň goňşy Owganystandaky söweşijilerini howpsuzlyk bilen üpjün edýändigi baradaky aýyplamalaryny ret etdiler.

Pakistanyň Parlamentiniň aşaky öýi Donald Trampyň 22-nji awgustda eden çykyşyny inkär edýän rezolýusiýany kabul etdi. Şol çykyşynda Tramp Waşingtonyň Pakistanyň ekstremistiki toparlara, şol sanda owgan “Talybanyna” “bukalga” bermegine mundan beýläk çydam etmejekdigini aýdypdy.

Trampyň çykyşy pakistan resmileriniň gaharyny getirip, ýurduň ençeme şäherlerinde protestleriň geçirilmegine hem sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG