Sepleriň elýeterliligi

Özbek döwlet mediasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy


Illýustrasiýa.

Özbegistanyň Milli tele we radio gepleşikler kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bobur Alikhonow eýeleýän wezipesinden boşadyldy, diýip media maglumatlarynda aýdylýar.

Alikhonow prezident Şawkat Mirziýoýewiň 2016-njy ýylyň sentýabrynda häkimiýet başyna geçeli bäri, wezipesinden boşadylan üçünji media ýolbaşçysy boldy.

Maglumatlara görä, Alikhonow we prezidentiň metbugat edarasynyň ýolbaşçysy Asadjon Hojaýew 29-njy awgustda wezipelerinden aýrylypdyrlar.

Munuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan hiç hili kommentariýa berilmedi.

XS
SM
MD
LG