Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Pakistana berýän harby maliýe kömegini togtatdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ Pakistana berýän 255 million dollarlyk harby kömegini togtatdy. Bu prezident Donald Trampyň Pakistany Owganystana garşy söweşýän jeçilere “pena” bermekde aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet departamenti maliýe kömeginiň tä ABŞ Pakistanyň öz serhedindäki "Owgan Talybanyna” we onuň bilen ilteşikli, şol sanda “Hakkani” toparyna garşy çäre görüp başlandygyna göz ýetirmeýänçä goýberilmejekdigini mälim etdi. ABŞ-nyň aňtaw gulluklary söweşijileriň ençeme ýyldan bäri Pakistanyň serhet ýakalarynda ýerleşendigini aýdyp gelýärler.

Yslamabat söweşilere pena berýändigini inkär edýär.

ABŞ-nyň Yslamabat babatyndaky täze syýasaty Pakistanyň Parlamentinde protest rezolýusiýasynyň kabul edilmegine we birnäçe şäherlerinde ýörişleriň geçirilmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG