Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Otunbaýewa Atambaýewi tankytlady


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Roza Otunbaýewa
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Roza Otunbaýewa

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Roza Otunbaýewa özünden soňky ýurt baştutanyny, häzirki prezident Almazbek Atambaýewi soňky iki ýylyň içinde öz hereketleri bilen “ýurduň ähli gazananlaryny ýele sowurandygyny” aýty.

Otunbaýewa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Atambaýew özünden ozalky zatlaryň erbet bolandygyny, ýurtdaky ähli gowy zatlaryň bolsa özüniň prezidentlik döwründe bolup geçendigi aýtmak bilen, “uly ýalňyşlyk” edendigini aýtdy.

Otunbaýewa we Atambaýew ozal ýakyn ýaranlardy. Otunbaýewa 2010-njy ýylyň aprelindäki gazaply köçe protestlerinden soň ýurduň başyna geçipdi.

Protestleriň netijesinde şol wagtky prezident Kurmanbek Bakiýew häkimiýetden çetleşdirildi. Ol ýurtdan gaçyp çykdy we häzirki wagt Belarusda ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG