Sepleriň elýeterliligi

Donald Tramp kiçi bilen duşuşan ozalky sowet ofiseri özüniň içaly däldigini aýdýar


ABŞ, Rinat Akhmetşin. 7-nji iýul, 2016.

Ozalky sowet harby ofiseri we 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ogly bilen bolan duşuşyga gatnaşan Waşington lobbisti Orsýetiň harby aňtaw gullugyna işleýändigini ret etdi, emma duşuşyk mahalynda Hillari Klinton babatda zyýanly maglumatly dokumentleri görendigini aýtdy.

Rinat Ahmetşin “Financial Times” bilen 1-nji sentýabrda çap edilen söhbetdeşliginde “men GRU-da (rus harby aňtaw agentliginde) hiç wagt ýeterlik gowy bolmadym” diýdi.

Emma ol 1980-nji ýyllaryň aýagynda sowet kontrrazwedka gulluklarynyň dürli agentliklerinde, KGB bilen ilteşikli toparlarda işländigini tassyk etdi.

Birleşen Ştatlara 23 ýyl ozal emigrasiýa gelen Ahmetşin häzir Waşingtonda rus meseleleri boýunça tanymal lobbist we ol 2016-njy ýylyň iýunynda Donald Tramp kiçi bilen duşuşanda, rus aklawçysy Natalýa Weselnitskaýa tarapyndan getirilen dokumentleri görendigini aýtdy. Ol bu dokumentleri okamandygyny, emma ozal onuň rusça görnüşi bilen tanyş bolandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG