Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Hindi we gazak işçileriniň arasyndaky uruş-dawa köçeleriň baglanmagyna getirdi


Astana. Çaknyşyk bolan ýer.
Astana. Çaknyşyk bolan ýer.

Gazak paýtagtynyň häkimiýetleri 2-nji sentýabrda, polisiýanyň sözleri bilen aýdylsa, belent diňli gurluşyk proýektindäki hindi gurluşykçylary bilen olaryň gazak kärdeşleriniň arasynda turan dawa-jenjelden soň, birnäçe köçäni ýapmaly boldular.

Uruş-dawany köşetmeküçin pitnä garşy polisiýa çagyryldy. Içeri işler ministrligi bu dawanyň agşam sagat 8:30-da Astananyň Abu Dabi Plaza gurluşyk meýdanynda, birnäçe hökümet binasynyň golaýynda turandygyny aýtdy.

Ministrligiň sözçüsi Almas Sadubaýew Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna ýazmaça düşündiriş berip, bu galmagalyň içgili hindi işçisiniň özüni gurluşyk meýdançasyna goýbermedik howpsuzlyk işgäri bilen dawalaşmagyndan başlanandygyny aýtdy.

“Ol işçi soňra öz watandaşlaryny çagyrýar we olar işçini gurluşyk meýdanyna goýbermedik sakçyny urýarlar” diýip, Sadubaýew ýazmaça düşündirişinde aýtdy.

Şeýle-de gazak işçileriniň howpsuzlyk işgärine kömege ýetişendiklerini we netijede 30 çemesi adamyň gatnaşmagynda uruş-galmagalyň turandygyny aýtdy.

Sadubaýew bu wakanyň bolan ýerine ýerli häkimiýet wekilleriniň we Gazagystandaky hindi ilçisiniň hem gelendigini aýtdy. Ol iki adamyň kiçiräk ýaraly bolandygyny aýtdy, emma olaryň haýsy ýurtdandygyny aýtmady.

XS
SM
MD
LG