Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda janyndan geçen hüjümçiler 7 adamy öldürdi


Samarra, polisiýa stansiýasyna edilen hüjümden soňky barlag, 3-nji ýanwar, 2017
Samarra, polisiýa stansiýasyna edilen hüjümden soňky barlag, 3-nji ýanwar, 2017

Yrak resmileri 2-nji sentýabrda azyndan üç sany janyndan geçeniň döwlet eýeçiligindäki elektrik stansiýasyna hüjüm edip, ýedi adamy öldürendigini, ýene birnäçe adamy bolsa ýaralandygyny aýdýarlar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne aldy. Hüjüm Samarra şäherinde, Bagdatdan 125 km uzaklykda boldy diýip, resmiler aýtdylar.

Elektrik ministrliginiň sözçüsi Musaab al-Mudaris elektrik stansiýasynyň ýedi işgäriniň öldürilendigini, howpsuzlyk gullugynyň sekiz ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ýaraly bolanlaryň sany baradaky maglumatlar dürli-dürli.

Al-Mudaris hüjümçileriň sanynyň dört bolandygyny, emma biriniň atylyp öldürilendigini aýtdy diýip, “Associated” Press habar gullugy habar berdi. Beýleki hüjümçiler özlerini ýaryp ýetişdiler diýip, ol AP-ä aýtdy.

XS
SM
MD
LG