Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyklary maslahat etdiler


Orsýetiň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow (s) we Reşit Meredow (ç), Moskwa, 21-nji fewral, 2017.

Orsýetiň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri iki ýurduň arasynda ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyklary ara alyp maslahat etdiler.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatyna görä, Sergeý Lawrow we Reşit Meredow 1-nji sentýabrda geçiren telefon söhbetdeşliginde rus-türkmen gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli aýra-başga meselelere seredipdir we iň ýokary we ýokary derejelerde ikitaraplaýyn duşuşyklara taýýarlygyň gidişini ara alyp maslahat edipdir.

Bu söhbetdeşligiň Orsýetiň inisiatiwasy boýunça geçirilendigi aýdylýar.

30-njy iýulda Orsýetiň prezidentiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Wladimir Putiniň Türkmenistana sapary bilen baglylykda taýýarlyklaryň alnyp barylýandygyny mälim edipdi.

Emma bu saparyň takyk wagty barada şu çaka çenli habar berilmedi.

Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri soňky gezek 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Soçide duşuşypdy.

Putin prezident wezipesinde Türkmenistana soňky gezek 2012-nji ýylyň dekabrynda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG