ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň altynjy ýadro synagynyň yzýany öz ýurduny we ýaranlaryny “doly görnüşli diplomatik, ylalaşyk we ýadro mümkinçilikleri ulanmak arkaly” goramaga taýýardygyny aýtdy.
Ak Tamyň 3-nji sentýabrda çap eden beýanatyna görä, Tramp bu barada Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde aýdypdyr.
Demirgazyk Koreýanyň uzak aralyga niýetlenen raketalarda ulanylmaga ukyply wodorod bombasynyň synagyny üstünlikli geçirendigini yglan etmegi dartgynlylyga sebäp boldy.
Phenýanyň ýadro synagy barada yglan etmeginiň yzýany Günorta Koreýanyň harbylary öz howa güýçleriniň Demirgazyk Koreýanyň ýadro desgalaryna emeli hüjüm görnüşli türgenleşik geçirendigini habar berdiler.
4-nji sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi krizisi maslahat etmek üçin adatdan daşary maslahat geçirýändigini aýtdy.