Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklaryny goraýjylar Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň 'emläk hukugynyň depelenmegini' ýazgarýarlar


Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda öz öýlerinden "zor bilen göçürilýändigini" aýdýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň şu aýda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda öz öýlerinden "zor bilen göçürilýändigini" aýdýarlar.

Wenada ýerleşýän “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” guramasynyň we düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň 4-nji sentýabrda çap eden beýanatynda türkmen hökümetiniň Aziýa oýunlaryna taýýarlyklarda Aşgabatda öý eýelerini “zor bilen göçürendigi”we olara “degerli kompensasiýa bermändigi” aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda türkmen häkimiýetleriniň Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda “şäheriň görküni kämilleşdirmek” maksady bilen ýaşaýjylaryň öz öýleriniň gapdalynda guran goşmaça otaglaryny yzygiderli ýumuryp gelýändigi bellenýär.

Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Türkmenistanyň hökümeti awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen geçirilýän Aziýa oýunlaryny ýurduň regional sport merkezi hökmünde abraýyny galdyrmak üçin ulanmaga synanyşýar.

Üzňelikdäki ýurduň häkimiýetleri geçiriljek halkara sport çäresine onlarça müň daşary ýurtlynyň barmagyna garaşýarlar.

XS
SM
MD
LG