Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan öz milli pulunyň daşary ýurt pullaryna bolan gatnaşygyny erkinleşdirýär


Illýustrasiýa

Özbegistan öz milli pulunyň dolanyşygyny erkinleşdirýändigini, somyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygyny mundan beýläk çäkli saklamajagyny we şahsyýetleriň we şirketleriň satyn alýan daşary ýurt pulunyň möçberini çäklendirmejegini yglan etdi.

Hökümetiň resmi websaýtynda 3-nji sentýabrda habar berlişine görä, bu çäre 5-nji sentýabrda güýje girer.

Özbegistanyň hökümetiniň resmi maglumatynda somy amerikan dollaryna baglap saklamagyň ýerine ony erkinleşdirmek çäresiniň bazar şertlerinde milli puluň hakyky nyrhynyň kesgitlenmegine mümkinçilik döredýändigi bellenýär.

Resmi kursa laýyklykda, 4-nji sentýabrda 4210,35 özbek somy bir amerikan dollaryna barabar boldy.

XS
SM
MD
LG