Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň hökümeti korrupsion pullar baradaky hasabaty ret edýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we onuň aýaly Mehriban Aliýewa
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we onuň aýaly Mehriban Aliýewa

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň hökümeti ýurduň elitasynyň 2.8 milliard dollar möçberindäki gümürtik maliýe fonduny ýewropaly syýasatçylara para bermek, gymmat bahaly harytlary satyn almak we bikanun pullary ýuwmak üçin ulanandygyny habar berýän täze derňew hasabatyny ret etdi.

“Prezidentiň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa barada maglumat bermek boýunça proýektiň hasabatynda görkezilen çykdajylara hiç wagtda gatnaşygy bolmandy” diýlip, prezidentiň 5-nji sentýabrda metbugat üçin ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

4-nji sentýabrda ýaýradylan hasabatda2012-nji we 2014-nji ýyllaryň aralygynda Britaniýada ýerleşýän dört sany gümürtik kompaniýanyň üsti bilen “ümsümligi” satyn almak üçin müňlerçe tölegiň amala aşyrylandygy habar berilýär.

Hasabata görä, agzalan kompaniýalaryň üsti bilen amala aşyrylan millionlarça dollar tutuş dünýäde şirketleriň we şahsyýetleriň ençemesiniň hasaplaryna geçirilipdir.

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa barada maglumat bermek boýunça proýektiň (OCCRP) we Ýewropada, Orsýetde hem Birleşen Ştatlarda birnäçe habar serişdesiniň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesinde taýýarlanan hasabatda şol maliýe serişdeleriniň gelip çykyşynyň anyk däldigi, emma “olaryň prezident Ylham Aliýewiň maşgalasyna degişliligine anyk delilleriniň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG