Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernogoriýa hökümeti agdarmak üçin dildüwüşikde güman edilýän 14 adamy sud edýär


Demokratik fronty atly oppozision topara girýän kanun çykaryjylar Andrija Mandiç (s) we Milan Knezewiço (ç) sud jaýynyň öňünde, Podgorisa, 20-nji iýul, 2017.
Demokratik fronty atly oppozision topara girýän kanun çykaryjylar Andrija Mandiç (s) we Milan Knezewiço (ç) sud jaýynyň öňünde, Podgorisa, 20-nji iýul, 2017.

Çernogoriýanyň hökümetini agdarmak we Balkan ýurduny NATO-dan daşlaşdyrmak boýunça dildüwüşik gurnamakda güman edilýän 14 adamyň sudy 6-njy sentýabrda Podgorisada başlandy.

Çernogoriýanyň döwlet resmileri serbiýaly we orsýetli milletçileriň 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda parlament saýlawlarynyň dowamynda parlamenti basyp almak, premýer-ministr bolan Milo Djukanowiçiň janyna kast etmek we Çernogoriýanyň NATO agza bolmagyna päsgel bermek üçin orsýetçi ýolbaşçylary ornaşdyrmak boýunça dildüwüşik gurnandygyny aýdýarlar.

Sud edilýänleriň düzümine Demokratik fronty atly oppozision topara girýän kanun çykaryjylar Andrija Mandiç we Milan Knezewiç, şeýle-de Serbiýanyň dokuz raýaty, Çernogoriýanyň bir raýaty we iki orsýetli girýär.

Çernogoriýa “Orsýetiň döwlet edaralarynyň” dildüwüşige gatnaşýandygyny aýdýar. Orsýet bu aýyplamalary ret edýär.

Çernogoriýa 5-nji iýunda NATO guramasynyň 29-njy agzasy boldy.

Orsýet NATO-nyň ýaýbaňlanmagyna garşy köp ýyl bäri garşy çykyş edip gelýär.

XS
SM
MD
LG