Ýewropanyň Adalat sudy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) başpena gözleýänleri ýerleşdirmek hakynda girizen hökmany kwotasyna garşy Wengriýanyň we Slowakiýanyň gozgan sud işini doly ret etdi.
Suduň 6-njy sentýabrda çykaran kararynda ÝB-niň ýerleşdirmek boýunça kararynyň “Gresiýanyň we Italiýanyň 2015-nji ýylyň migrasiýa krizisiniň netijelerinden saplanmagyna doly laýyk gelýändigi we deňagramlydygy” aýdylýar.
Iýul aýynda edilen we kanun güýji bolmadyk kararyň yzýany sud tarapyndan çykarylan bu netije başpena gözleýänleri kabul etmek meselesinde Budapeşte we Bratislawa basyş edýär, şeýle-de onuň has köp ýiridiki netijeleri hem jerimeleri göz öňünde tutmagy mümkin.
Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Szijjarto suduň kararyny “doly kabul ederlikli däl” diýip atlandyrdy.
Wengriýa we Slowakiýa Ýewropa Bileleşigiň her bir agza ýurdunyň belli bir sanly bosgunlary ýerleşdirmelidigi hakynda 2015-nji ýylda çykaran kararynyň bikanundygyny aýdypdy we kwotalaryň ýatyrylmagyny talap edipdi.
2015-nji ýylda ÝB-niň içeri işler ministrleri Italiýada w Gresiýada ýerleşýän 12000 müň migranty iki ýylyň dowamynda beýleki ýurtlarda ýerleşdirmek kararyna gelipdi. Wengriýa üçin kwotanyň 1294 adamdan, Slowakia üçin 802 adamdan ybaratdygy aýdylypdy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!