Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleri kiber howpsuzlygy maslahat edýärler


Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleri resmi bolmadyk duşuşyga jemlendiler, Tallin, 7-nji sentýabr, 2017.
Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleri resmi bolmadyk duşuşyga jemlendiler, Tallin, 7-nji sentýabr, 2017.

Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleri Estoniýanyň paýtagty Tallinde resmi bolmadyk duşuşyga jemlendiler. Duşuşygyň gün tertibine guramanyň harby strukturalaryna hakerleriň potensial hüjümlerine garşy durmak boýunça kiber howpsuzlyk türgenleşikleriň girendigi habar berildi.

7-nji sentýabrdaky türgenleşikler EU CYBRID 2017 ady bilen geçirildi we kiber hem galp maglumat bermek ýaly tehnologiýalar meselesine seredildi.

“Biz goranmak ministrlerine kiber kampaniýalaryň täsirini görkezmek isleýäris” diýip, Estoniýanyň Goranmak ministrliginiň kiber planlaşdyryş bölüminiň müdiri Tanel Sepp türgenleşikleriň öňüsyrasynda aýtdy.

Estoniýa kiber howpsuzlygy 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýewropa Bileleşigine alty aýlyk prezidentliginiň dowamynda ileri tutýan meseleleriniň hatarynda goýýar.

Şu ýylyň dowamynda global derejede bolan birnäçe kiber hüjümler halkara kompaniýalarynyň we jemgyýetçilik gulluklaryň işine zeper ýetiripdi.

XS
SM
MD
LG