Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Bikanun pullary ýuwmakda aýyplanan žurnalist üç ýyl şertli tussaglyga höküm edildi


Žurnalist Žanbolat Mamai, sud jaýynyň öňünde, Almaty, 7-nji sentýabr, 2017

Gazagystanyň hökümetini tankyt etmegi bilen tanymal žurnalist bikanun pullary ýumakda aýyplanyp, üç ýyl şertli tussaglyga höküm edildi.

Žurnalistiň aklawçylarynyň we tarapdarlarynyň syýasy matlaply diýip atlandyrýan işine sereden Almatynyň sudy Žanbolat Mamainiň emlägini elinden almak we üç ýylyň dowamynda žurnalistika işi bilen meşgullanmagyny gadagan etmek hakynda hem karar çykardy.

Özüniň bigünädigini aýdan we fewral aýyndan bäri tussag astynda bolan Mamai suduň jaýyndan çykdy we özüniň “muňa asla garaşmandygyny” aýtdy.

“Bu meniň üçin düýpden garaşylmadyk... Men özümiň ýedi aýlap deslapky tussaghanada bolanymdan soň suduň jaýyndan çykmagym biziň jemgyýetimiz, jemgyýetçilik guramalary üçin ägirt uly ýeňiş bolandygyna ynanýaryn” diýip, Mamai žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG