Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan V Aziýa oýunlaryna 10 günüň galmagyny uly dabara bilen belledi


Köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylary Olimpiýa stadionyna barýarlar, Aşgabat, 17-nji awgust, 2017.

Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 10 günüň galmagyny uly dabara bilen belledi.

Türkmen mediasyna görä, dabaralar bir wagtda Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynyň Galkynyş gaz ýatagynda geçirildi.

7-nji sentýabrda Galkynyş gaz ýatagynda gurnalan sahnalaşdyrylan baýramçylykda 17-nji sentýabrda Aşgabatda başlanjak Aziýa oýunlarynda ulanyljak alaw üçin ot ýakmak dabarasy geçirildi.

“Gaz ýatagynyň giňişliginde, baýramçylygyň geçýän ýerinde, milli türkmen öýeri ýerleşdirildi, ortarakda, milli däbe görä, ojak oturdyldy. Ýigit ýaýdan ok atdy, ol günüň şöhlesinden otlandy we öýüň depesindäki tüýnüginden gaçyp, ojakdaky ody tutaşdyrdy” diýlip, TDH agentligi habar berýär.

Maglumata görä, ojagyň odundan otlanan alawy Aziadanyň açyljak wagtynda Olimpik stadionyna atlylar alyp bararlar.

Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda gurlan bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar olimpiýa toplumynda geçiriler.

Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän iki sany desga, ýagny alawyň ýerleşdiriljek ýeri bolan atyň kellesini şekillendirýän heýkel we basseýn dünýä boýunça ululygy bilen tapawutlandy we Giness rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa ýörite şahadatnamanyň gowşurylandygyny 7-nji sentýabrda türkmen mediasy habar berdi.

XS
SM
MD
LG