Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet Siriýada YD toparynyň 4 ýolbaşçysyny öldürendigini aýdýar


Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ýaýradan Deir el-Zour şäheriniň suraty, 24-nji ýanwar, 2017.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýanyň Deir el-Zour şäherinde ekstremist topara gönükdiren howa zarbalarynyň netijesinde “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparynyň dört sany baş ýolbaşçysyny öldürendigini habar berdi.

Orsýetiň habar agentlikleriniň ministrligiň beýannamasyna salgylanyp, 8-nji sentýabrda habar bermegine görä, howa hüjüminde 40 sany söweşiji, şol sanda daşary ýurtly söweşijiler üçin jogapkär Abu Muhammad al-Shimali öldürilipdir.

Siriýanyň Orsýet tarapyndan goldanýan hökümet güýçleriniň we Deir al-Zour şäherini gabawda saklamaga synanyşýan YD toparynyň söweşijileriniň arasynda agyr söweşler dowam edýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu hepdede öz kärdeşi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady hökümet güýçleriniň şäheriň YD topary tarapyndan üç ýyllap dowam eden gabawyny bozmagyny gutlady.

Orsýetiň 2015-nji ýylda Siriýada howadan hüjüm etmek kampaniýasyna başlamagyndan birnäçe aý geçensoň, günbatar resmileri hüjümleriň diňe bir YD toparyna garşy bolman, esasan prezident Başar al-Assadyň başga garşydaşlaryna gönükdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG