Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan daşary ýurda işlemäge gidýänleri näme bökdeýär?


Aşgabat, halkara aeroporty
Aşgabat, halkara aeroporty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçyyklaryň we işsizligiň raýatlary barha kän daşary ýurtlarda eklenç gözlegine itekleýändigi aýdylýar.

Türkiýede Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmen migranty Arslan ýaňy-ýakynda, Stambula gaýtmaga synanyşanda dördünji gezek ýoly baglanan maryly, 45 ýaşlaryndaky bir erkegiň Aşgabadyň aeroportynda özüni asandygyny aýdýar.

Eýsem,Türkmenistandan daşary ýurtlara eklenç üçin gitmek isleýänler nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny, redaksiýa gelip-gowuşýan köpsanly hatlary nazarda tutyp, Türkmenistandan daşary ýurda goýberilmeýän raýatlaryň ykballaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkmenistandan daşary ýurda işlemäge gidýänleri näme bökdeýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG