Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan agyz suwy kärhanalary üçin kaogulýant satyn alar


Aşgabat görnüşi
Aşgabat görnüşi

Türkmenistan Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky agyzsuw edaralary üçin zerur bolan alýuminiý sulfatynyň (koagulýant) 15 müň tonnasyny satyn almagy planlaşdyrýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisindeberlen habary diňläp, “ilaty agyz suwy bilen doly üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi”.

Neşiriň maglumatyna görä, döwlet baştutanyagyz suwuny rejeli ulanmak we pudaklaýyn kärhanalaryň esasy gaznalaryny täzelemek çäreleri barada hem gürrüň edipdir.

Türkmenistan uly territoriýaly çöllük ýurt bolup, sebitde suwy iň bisarpa ulanýan döwlet hökmünde tankyt edilýär.

Şeýle-de, ýerli synçylaryň sözlerine görä, bu ýurtda ilata berilýän agyz suwunyň arassalanmagy we elýeterliligi hemişe problema bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG