Sepleriň elýeterliligi

BMG-ny başlygy Demirgazyk Koreýa krizisiniň 'agyrdygyny' aýdýar


BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Kiýewde guralan metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 9-njy iýul, 2017 ý.

BMG-nyň Baş sekretary Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik raketa programmalary üstündäki çekişmäniň “ýyllar içinde” dünýäniň iň ýaman krizisi bolandygyny aýdýar.

"Biz bu howpuň çynlakaýlygynyň bizi juda giç bolmazyndan öň sebäp ýodasyna atarmagyna umyt etmeli” diýip, Antonio Guterres 10-njy sentýabrda Fransiýanyň “Le Journal du Dimanche” gazetinde çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy. "Bu biziň ýyllar içinde ýüzbe-ýüz bolan iň çynlakaý [krizisimiz]” diýip, ol özüniň örän alada galandygyny sözüne goşdy.

"Geçmişde bizde gowy oýlanyşylan karardan soň başlanan uruşlar-da bar” diýip, ol aýtdy. “Emma bizde dartgynlaşmalar we ruhy hassalyk netijesinde turan konfliktler hem bar.”

Guterres Phenýanyň ýadro we ballistik raketa programmalaryny togtatmagy hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryny sylamagy gerek diýdi.

"Şeýle-de biz her edip, hesip edip, Howpsuzlyk geňeşiniň bütewiligini saklamaly, sebäbi bu biziň rowaçlyk mümkinçilikleri bolan we diplomatik başlangyçlary amala aşyryp biljek ýeke-täk guralymyz bolup durýar” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG