Sepleriň elýeterliligi

Tramp we Erdogan bilelikde işlemek wadasyny berýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Waşington, 16-njy mýaý, 2017 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan telefon söhbetdeşliginde regional howpsuzlygy meselesinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmek barada ylalaşdy diýip, iki ýurduň prezident edaralary aýtdy.

Ak tam 9-njy sentýabrda Trampyň “Birleşen Ştatlaryň we Türkiýäniň regional howpsuzlygy berkitmek üçin bilelikde işleşmekde öz üstlerine alan umumy borçlaryna basym berendigini” aýtdy.

Türk prezidentiniň edarasy liderleriň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy belländiklerini we “sebitde durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem güýçlendirmek üçin, bilelikdäki işi dowam etdirmegiň wajyplygyny” nygtandyklaryny aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşligi Erdoganyň amerikan häkimiýetleriniň birnäçe türki, şol sanda ozalky ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýany Eýrana garşy girizilen maliýe sanksiýalaryny bozmakda aýyplamagyny ýazgarmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Erdogan bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG