Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň baş sekretary Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasyny 'global howp' atlandyrýar


NATO-nyň baş secretary Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa programmasy “global howp” diýdi we onuň “global gaýtawuly” talap edýändigini aýtdy.

Stoltenberg 10-njy sentýabrda BBC bilen söhbetdeş bolup, Demirgazyk Koreýanyň bolşuny “geleňsizlik” hökmünde häsiýetlendirdi we NATO “global gaýtawulyň” bir bölegi bolmaly diýdi.

Ol Demirgazyk Koreýany öz “ýadro we raketa programmalaryny” taşlamaga hem-de indiden aňryk synag geçirmezlige çagyrdy.

Şeýle-de ol Demirgazyk Koreýanyň soňky ýadro we raketa synaglarynyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň birnäçe rezolýusiýasyny gödek bozmak bolandygyny, olaryň halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna wehim salýandygyny sözüne goşdy.

Stoltenberg ABŞ-nyň Ýuwaş okeandakyGuam territoriýasyna hüjüm edilmegi NATO-nyň kollektiwleýin goranyş çäresine sebäp bolarmy diýen sowala jogap bermekden boýun gaçyryp, “Men 5-nji maddanyň bu hili ýagdaýda ulanylyp-ulanylmajagy barada gürrüň etjek däl” diýdi.

XS
SM
MD
LG