Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 930 210 hojalygy, 5424 senagat we sosial kärhanasyny gaz bilen üpjün edýär


Saryja obasy, Türkmenistan

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda 930 210 hojalygyň we senagat hem sosial pudaklarynyň 5424 kärhanasynyň gaz bilen üpjün edilýändigini 8-nji sentýabrda hökümet maslahatynda mälim etdi.

TDH gullugynyň maglumatynda gaz üpjünçiliginiň ylalaşyk esasynda amala aşyrylýandygy we häzirki wagtda güýz-gyş möwsümine taýýarlyklaryň ählisiniň doly möçberde berjaý edilendigi aýdylýar.

“Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” bileleşikleriň, şeýle-de “Türkmengaz" döwlet konserniniň hünärmenleri gazy geçirýän we paýlaýan sistemalaryň, ýokary, orta we pes basyşly gaz geçirijileriň ählisinde arassalamak we zerur bolanda bejermek işlerini geçirdiler diýlip habar berilýär.

Şeýle-de, hökümetiň maslahatynda häzirki wagtda ýurduň ähli ýaşaýyş punktlarynyň tebigy we suwuklaşdyrylan gaz bilen üpjün edilýändigi we “profilaktiki hem düşündiriş işlerine, tebigy gazy tygşytlamak meselelerine” aýratyn ünsüň berilýändigi Türkmenistanyň resmi mediasynda habar berildi.

Türkmenistanda 1993-njy ýyldan bäri tebigy gaz ilata suw we elektrik togy bilen bilelikde belli bir möçberde mugt berildi.

Emma şu ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ýeňillikler ulgamynyň özüni doly ödemeýändigini” aýdyp, ähli ýeňillikleri ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy hökümete tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG