Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain polisiýasy Saakaşwiliniň ýerleşen myhmanhanasyny böwetledi


Mihail Saakaşwili “Leopolis” myhmanhanasynda, Lwow, 11-nji sentýabr, 2017
Mihail Saakaşwili “Leopolis” myhmanhanasynda, Lwow, 11-nji sentýabr, 2017

Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri 12-nji sentýabrda Lwow şäherinde Mihail Saakaşwiliniň iki gün mundan öň Ukraina baransoň ýerleşen myhmanhanasynyň girelgesini böwetlediler.

Saakaşwiliniň “Täze güýç hereketi” atly partiýasynyň agzasy Iwan Slobodnyanik polisiýanyň we serhetçileriň “Leopolis” myhmanhanasyna 12-nji sentýabrda irden barandygyny Facebook sosial ulgamy arkaly habar berdi. Maglumatda olaryň Saakaşwilä onuň bikanun serhetden geçmegi hakynda “protokol” gowşurmak üçin barandygy çak edilýär.

Bu barada polisiýa tarapyndan dessine maglumat berilmedi.

Ukrainanyň mediasyna görä, žurnalistleriň uly topary myhmanhananyň öňünde jemlenipdir.

Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili 10-njy sentýabrda serhetden geçip, Polşadan Ukraina baransoň Lwow şäherinde ýerleşdi.

Iýulda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Saakaşwilini ukrain raýatlygyndan mahrum edipdi. 11-nji sentýabrda Poroşenko Saakaşwilini kadaly dokumentsiz serhetden geçmegi üçin tankyt etdi.

10-njy sentýabrda Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Mihail Saakaşwiliniň “agyr” jenaýat işi bilen baglylykda gözlenýändigini aýtdy we onuň Ukrainanyň serhedinden geçmegini “döwletiň esasy institutlaryna hüjüm” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG