Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň Turan agentliginiň müdiri deslapky tussaghanadan öý tussaglygyna geçirildi


Azerbaýjanyň garaşsyz Turan agentliginiň müdiri Mehman Aliýew

Azerbaýjanyň garaşsyz Turan agentliginiň müdiri suddan öň öý tussaglygynda galmak şerti bilen 11-nji sentýabrda deslapky tussaghanadan boşadyldy. Emma suduň geçiriljek wagty entek kesgitlenmedi.

Mehman Aliýewiň aklawçysy Fuad Agaýew öz müşderisiniň boşadylandygyny 11-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna tassyklady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) media azatlygy boýunça wekili Harlem Desir Aliýewiň deslapky tussaglygynyň öý tussaglygyna çalyşmagyny “pozitiw ädim” diýip atlandyrdy, emma häkimiýetleri žurnaliste garşy ähli aýyplamalary ýatyrmaga çagyrdy.

Desir ÝHHG-niň Aliýewiň işine ünsli syn edýändigini aýtdy.

Awgust aýynda Azerbaýjanyň häkimiýetleri Aliýewi salgytdan gaçmakda we wezipesinden peýdalanmakda aýypladylar, şeýle-de derňewleriň dowamynda Turan täzelikler agentliginiň hasaplaryny doňdurdylar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Aliýewiň tussaglygynyň we Turan agentligine garşy çäreleriň ýurtda garaşsyz media edilýän basyşlaryň dowamy bolup durýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG