Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ RT telekanalyndan 'daşary ýurt agenti' hökmünde hasaba durmagy sorady


RT telekanalynyň baş redaktory Margarita Simonýan
RT telekanalynyň baş redaktory Margarita Simonýan

Orsýetiň döwlet media serişdeleriniň we ABŞ-nyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Adalat departamenti ABŞ boýunça iş alyp barýan RT kompaniýasyndan “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmagy sorapdyr.

Habar berlişine görä, Adalat departamentinden iberilen hatda RT Amerika kanaly bilen işleşýän kampaniýadan Daşary ýurt agentlerini hasaba almak boýunça düzgüniň esasynda hasaba durmak talap edilýär. Düzgüne laýyklykda, daşary ýurtlaryň syýasy bähbitlerini goraýan şahsyýetleriň we ýuristleriň maglumat bermegi talap edilýär.

Adalat departamenti maglumatlary tassyklamady we ret etmedi.

RT telekanalynyň baş redaktory Margarita Simonýan guramanyň websaýtynda çap eden beýanatynda ABŞ-ny Orsýetiň mediasyna garşy “uruş” alyp barmakda aýyplady.

Ýanwar aýynda ABŞ-nyň aňtaw maglumatlarynda Orsýetiň ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulandygy aýdyldy we RT “Kremliň propagandasynyň esasy halkara mediasy” atlandyryldy. Hasabatda RT Amerika telekanalynyň “özüni ABŞ-nyň içerki media serişdesi hökmünde häsiýetlendirýändigi we özüniň Orsýetiň hökümeti bilen islendik resmi gatnaşygyny bilkastlaýyn ýaşyrmaga synanyşandygy” aýdyldy.

XS
SM
MD
LG