Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli kompaniýalaryň Facebookda Trampyň saýlaw programmasyny mahabatlandyrandygy habar berilýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump

Orsýetli kompaniýalaryň geçen ýylyň dowamynda Facebook sosial ulgamyndan satyn alan reklamalarynyň Respublikan partiýasynyň dalaşgäri hökmünde prezident saýlanan Donald Trampyň immigrasiýa garşy programmasyny we beýleki konserwatiw çärelerini aktiw mahabatlandyrandygyny ABŞ-nyň media maglumatlary habar berýärler.

Şol reklamalaryň aglaba köpüsi olaryň Orsýetiň guramalary bilen ilteşiginiň üsti açylansoň Facebookdan öçürildi.

Emma BuzzFeed websaýty agzalan reklamalaryň aglabasynyň Facebook jemgyýetinde “Howpsuz serhetçiler” diýlip tanalýan "Sankt Peterburgyň bellentgi troll kärhanasy” tarapyndan ýerleşdirilendigini we olaryň Trampyň programmasyny mahabatlandyryp, onuň liberal garşydaşlaryny ýazgarmak bilen meşgullanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG