Gazagystanyň Arman kinoteatrynyň aýtmagyna görä, goňşy Orsýetiň prawoslaw hristian aktiwistleri Rus patyşasy Nikolaý Ikinjiniň ýaşlykdaky romantik hekaýasyna esaslanylyp, surata düşürilen “Matilda” atly gampa-garşylykly filmi görkezmezligi sorapdyr.
13-nji sentýabrda Bauyržan Şukenow özüne gowşan elektron hatyň böleklerini Facebookda çap etdi we maglumatyň özüne Orsýet Federasiýasynyň prawoslaw dinçileri tarapyndan ýollanandygyny aýtdy.
"Matilda filminden ýüz öwrüň, bu hapaçylykdan daşda duruň” diýlip, e-mailde aýdylýar. Şeýle-de maglumatda “patyşanyň ölümini gaýtalap görkezmek arkaly öz ruhuňyzy we beýlekileriň ruhuny öldürmek arkaly pul gazanmaň” diýilýär.
Şukenow filmiň tutuş Gazagystan boýunça Arman kinoteatrlarynda oktýabr aýynda görkeziljekdigini aýtdy.
Iýul aýynda Orsýetiň Medeniýet ministrligi “Matilda” filmini Orsýetde görkezmäge rugsat berdi. Filmiň 26-njy oktýabrda görkeziljekdigi aýdyldy.
Emma Orsýetiň “Cinema Park” we “Formula Kino” kinoteatrlary “Matilda” filmini görkezmejekdigini aýtdy.
“Matilda” filmi durmuş gurmadyk şazada Nikolaýyň we balerina Matilda Kşesinskaýanyň arasyndaky roman barada gürrüň berýär.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!