Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ RT telekanalyndan 'daşary ýurt agenti' hökmünde hasaba durmagy sorapdyr


RT-niň websaýtynyň Baş redaktory Margarita Simonýan
RT-niň websaýtynyň Baş redaktory Margarita Simonýan

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RT we Birleşen Ştatlaryň beýleki media serişdeleriniň habar bermegine görä, Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti “Russia Today”kanalyndan özüniň Amerikadaky şahamçasyny giň möçberli hyzmatlar bilen üpjün edýän kompaniýany “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba aldyrmagyny sorapdyr.

12-nji sentýabrda RT-niň we beýleki habar serişdeleriniň media maglumatlarynda, gürrüňi edilýän media kompaniýasyna Adalat departamentiň hat ugradyp, onda degişli kompaniýanyň “Daşary ýurtly guramalary hasaba almak boýunça aktyň” talaplarynyň esasynda hasaba aldyrylmagynyň soralandygy aýdylýar. Bu aktyň düzgünlerine laýyklykda, daşary ýurtlaryň syýasy bähbitlerine hyzmat edýän kanunçykaryjylar we lobbiçiler özleriniň alyp barýan işleri barada maglumat bermeli.

RT hasaba goýulmagy talap edilen kompaniýanyň adyny mälim etmedi, ýöne agzalýan kompaniýanyň Birleşen Ştatlardaky “RT America” kanalyny ähli hyzmatlar bilen, şol sanda telewizion gepleşikleri we beýleki operasiýalar bilen üpjün edendigini habar berdi.

Peýda bolan maglumatlary Adalat departamenti ne tassyklady, ne-de bu mesele boýunça nähilidir bir kommentariý berdi.

AFP habar agentligi RT-niň metbugat wekili Anna Belkinanyň 12-nji sentýabrda “RT öz aklawçylaryna geňeşip, haýyşy gözden geçirýär” diýendigini habar berdi.

RT-niň websaýtynyň Baş redaktory Margarita Simonýan guramanyň internet sahypasynda çykyş edip, ABŞ-y rus mediasyna garşy söweş alyp barmakda aýyplady:

“Birleşen Ştatlaryň biziň žurnalistlerimize garşy alyp barýan söweşi henizem söz azatlygyna ynanýan hyýalbent idealistlere bagyşlanýar. Olaryň özleri söz azatlygyny oýlap tapyp, özleri hem ony gömdüler” diýip, ol aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ýanwar aýyndaky hasabatynda, Orsýetiň 2016-nji ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy aýdyldy we hasabatda RT kanalyna aýratyn üns çekilip, ol “Kremliň esasy halkara propaganda guraly” atlandyryldy.

Şeýle-de, hasabatda “RT America” kanalynyň “özüni amerikan kanaly ýaly alyp baryp, rus hökümeti bilen kanuny ilteşigini gizländigini” aýdýarlar.

Hasabatda RT-niň WikiLeaks-i döreden Julian Assanž (Julian Assange) bilen hem şertnama esasynda işleşendigi habar berilýär. WikiLeaks saýty saýlawlaryň dowamynda, Demokratik milli komitetiň özlerine syzdyran içerki elektron hatlaryny çap edipdi.

Aňtaw gulluklarynyň hasabatynda RT-niň käbir işgäriniň saýlawlaryň dowamynda Wikileaks bilen aktiw işleşendigi mälim edildi.

Agzalýan hasabatyň peýda bolmagy bilen rus telekanaly Kongresde we Adalat departamentinde saýlawlara ruslaryň gatyşdy diýilmegi boýunça alnyp barylýan derňewleriň üns merkezine öwrüldi

RT bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň ilkinji howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Fliniň ilteşigi jikme-jik barlanýar. RT-niň ýyldönüminiň şanyna geçirlen çärede çykyş etmek üçin, Fline 2015-nji ýylyň dekabr aýynda töleg tölenipdir. Ol agzalýan çärä gatnaşyp, rus prezidenti Wladimir Putiniň gapdalynda oturypdy.

Birleşen Ştatlaryň daşary ýurtly agentler boýunça kanuny Waşingtonda kimiň daşary ýurtly hökümetlere işleýändigini aýdyňlaşdyrmak üçin kabul edilipdi.

RT kanalyna garşy görülýän soňky çäreler Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Sputnik” habar agenligine maý aýyna çenli başlyklyk eden Andrýu Feýnbergiň (Andrew Feinberg) FBI-ly resmiler tarapyndan özüniň soraga çekilendigini 1-nji sentýabrda mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ýanwarda ýaýradan hasabatynda, Sputnik bilen RT-niň ABŞ-daky prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda Kremliň adyndan şol wagtky respublikan dalaşgär Donald Trampyň peýdasyna, onuň demokrat bäsdeşi Hillari Klintonyň garşysyna “täsir ediş kampaniýasyny” alyp barandyklary mälim edildi.

Feýnberg FBI-ly resmileriň özi bilen gürrüňdeşliginiň esasan, dürli platformalar arkaly täzelikleri çap edýän Sputnigiň içerki işleýiş tertibine gönükdirilendigini aýtdy. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşliginde özüniň Sputnikde işlän bäş aýynyň dowamyndaky müňlerçe içerki elektron hatlary ykjam diskde resmilere berendigini aýtdy.

Feýnberg Federal derňew edarasynyň esasan Sputnigiň daşary ýurtly agent ýaly iş ýöredýändigi ýa-da lobbiçi ýaly hereket edýändigini anyklamaga synanyşana çalym edendigini aýtdy.

Mazmunyň taýýarlanyş prosesi boýunça Sputnikde görnetin tapawutlylyk bar. Olar arassa habarçylyk bilen meşgullanýan habar agentliklerinden başgaça žurnalizm ýöredýärler diýip, Feýnberg aýtdy.

11-nji sentýabrda “Yahoo news” Sputnigiň “daşary ýurtly agentler” boýunça kanuny bozup bozmandygyny FBI-yň derňeýändigini habar berdi.

Amerikan senator Žan Şahin (Jeanne Shaheen) 12-nji sentýabrda FBI-yň Sputnik boýunça alyp barýan derňewini goldap çykyş etdi.

“Rus hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Sputnik habar agentligini FBI-yň derňemegi meni ruhlandyrdy. Biz daşary ýurtly agentleriň, hususan-da biziň duşmanlarymyzyň peýdasyna iş alyp barýan guramalaryň biziň kanunlarymyzy depelemeklerine rugsat berip bilmeris” diýip, Nýu hempşaýrly demokrat Şahiniň beýanatynda aýdylýar.

“Orsýetiň 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlara täsir etmek üçin ulanan propagandasy boýunça üsti açylan her çäre, federal hökümetiň daşary ýurtly agentler boýunça kanuny mundan beýläk has-da berkitmelidigini görkezýär” diýip, Şahin belledi.

Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň habar serişdelerine edýär diýilýän basyşy baradaky habarlaryň peýda bolmagy, Orsýetiň hem öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki habar edaralaryna basyş eder diýen ynjalyksyzlygyň döremegine getirdi.

Žurnalistleri goramak boýunça komitetden Kortniý Radş (Courtney Radsch) orsýetli häkimiýetleriň soňky çäreleri öz repressiw media syýasatlaryny aklamak üçin ulanmaklaryndan aladalanýandygyny aýtdy:

‘Orsýet onsuzam informasiýa giňişligini agyr senzura sezewar edýär, şol sanda ýurtdaky adam hukuklarynyň görnükli goragçylaryny legitimlikden mahrum etmek üçin, olary garalap ‘daşary ýurtly agent’ diýip tagmalaýar” diýip, Radş belledi.

XS
SM
MD
LG