Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Belarus 'Zapad 2017' harby maşklaryna başladylar


Orsýetiň goranmak ministri Aleksandr Fomin 'Zapad-2017' atly harby türgenleşikler boýunça brifinge gatnaşdy, Moskwa, 29-njy sentýabr, 2017.
Orsýetiň goranmak ministri Aleksandr Fomin 'Zapad-2017' atly harby türgenleşikler boýunça brifinge gatnaşdy, Moskwa, 29-njy sentýabr, 2017.

Orsýet we onuň goňşusy Belarus NATO-nyň gündogar tarapynda başlan bilelikdäki türgenleşikleri bilen Moskwanyň we Gündogaryň arasynda bar bolan dartgynlylygy çuňlaşdyrdy.

Moskwa we Minsk 14-20-nji sentýabra planlaşdyran “Zapad 2017” türgenleşikleriniň Belarusda we Orsýetiň günbatarynda geçirilýändigini we oňa 12700 harbynyň gatnaşýandygyny aýdýar.

Emma günbatarly resmiler harby maşklara 100000 harbynyň gatnaşmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, bu çäräni Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy bilen baglylykda Günbatar bilen arasynda dörän gapma-garşylygynda öz güýjüni görkezmek boýunça hereketi diýip atlandyrýarlar.

“Bu bizi öjükdirmek üçin edilýär, bu biziň goranyşymyzy synamak üçin edilýär we şonuň üçin biz güýçli bolmaly” diýip, Britaniýanyň goranmak sekretary Maýkl Fallon 10-njy sentýabrda BBC media kompaniýasyna aýtdy.

Moskwa türgenleşiklere gatnaşjak goşunlarynyň düzüminiň 13000 adamdan geçmejegini aýdýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Wena Dokumenti diýlip atlandyrylýan düzgünlerine görä, türgenleşikler barada başga ýurtlary habarly etmek we maşklary synçylar üçin açmak talap edilýär.

XS
SM
MD
LG