Sepleriň elýeterliligi

Astana: Siriýada parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň altynjy tapgyry geçirilýär


Siriýaly bosgunlar Liwanyň demirgazyk serhediniň golýayndaky Wadi Hamaýed ýerine baryp, Siriýanyň Idlip şäherine barýan awtobusa münmäge taýýarlanýarlar, 2-nji awgust, 2017.

14-nji sentýabrda Astanada Siriýada parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň altynjy tapgyry geçirilýär.

Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň araçylygynda geçirilýän bu iki günlük duşuşyk BMG-niň howandarlygynda Wenada geçirilýän gepleşiklerden aýra amala aşyrylýar.

Orsýetiň media maglumatlaryna görä, 14-nji sentýabrda Orsýetiň delegasiýasy şol günüň özünde BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura bilen gepleşik geçiripdir, şeýle-de ABŞ-nyň gözegçiler missiýasy bilen duşuşypdyr.

Astanadaky gepleşikleriň öňüsyrasynda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň bilermenleriniň arasynda geçirilen maslahatda üç ýurduň Siriýadaky asudalyk zonalarynda ýerleşdirmegi planlaşdyrýan güýçlerine gönükdirilendigini aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow maslahatyň öňýanynda eden çykyşynda Moskwanyň Idlib şäheriniň golaýynda dördünji asudalyk zonasyny döretmek hakyndaky ylalaşygyň resmileşdirilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG