“Amnesty International” guramasy Birmanyň howpsuzlyk güýçleriniň rohingýa musulmanlarynyň onlarça obasyny “yzygiderli oda bermeginiň” we “jezalandyryjy toparlaryň” hüjüm etmeginiň subutnamalaryny toplandygyny aýdýar. Adam hukuklaryny goraýjy topar bu ýagdaýy “etnik arassalaýyşy” diýip atlandyrýarlar.
“Bu subutnamalar ret ederlikli däl” diýip, “Amnesty International” guramasynyň krizisler boýunça jogapkär müdiri Tirana Hassan Birmadaky (Mýanma) gumanitar krizis barada eden çykyşynda aýtdy.
“Amnesty International” guramasy subutnamalaryň ýangynlary hasaba almak boýunça analiz maglumatlaryny, satellit ýazgylaryny, ýerden düşürilen suratlary we wideolary, şeýle-de Birmada hem goňşy Bangladeşde onlarça adam bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýandygyny aýdýar.
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) 25-nji awgustda rohingýa söweşijileriniň Birmanyň serhet geçelgesine eden sazlaşykly hüjüminden soň 400 müň çemesi rohingýa musulmanyň Bangladeşe gaçyp çykandygyny aýdýar.
Birmanyň harbylary obalaryň oda berilmeginde rohingýa söweşijilerini aýyplaýarlar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.