Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” karara gol çekdi.
Resmi medianyň maglumatyna görä, bu karar esasynda Bilim ministrliginiň täzeçil maglumat merkezini, elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän hyzmat merkezini döretmek planlaşdyrýar.
“Merkezde döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, şol sanda elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimediýa programmalary we beýlekiler işlenip taýýarlanylar” diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy habar berýär.
Şeýle-de bu merkezde dünýäniň ylym-bilim täzelikleriniň öwreniljegi, ensiklopediýalaryň we sözlükleriň dörediljegi aýdylýar.
Türkmenistanda sowet döwründen gelýän senzurynyň saklanyp galmagy, internet hyzmatynyň haýallygy we gymmatlygy netijesinde ýerli ilatyň, şol sanda okuwçylaryň we studentleriň, alymlaryň, mugallymlaryň, lukmanlaryň, inženerleriň... dünýäniň internet mümkinçiliklerinden, ylym-bilim täzeliklerinden wagtynda we ýeterlik habarly bolup bilmeýändigi aýdylýar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!