Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Aziýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny türkmenler aldy


Ovunlaryň emblemasy

“Aşgabat 2017” Oýunlarynda ilkinji “altyny” türkmen sportsmenleri aldy diýip, TDH habar berýär.

Aşgabatda Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy 17-nji sentýabrda bolar, emma jiu-jitsu boýunça ýaryşlar eýýäm başlandy diýip, türkmen mediasynyň maglumatynda aýdylýar.

Neşiriň maglumatyna görä, “duo klassyk” boýunça geçirilýän ýaryşlarda türkmen atletleri Jelilmuhammet Hojamyradow we Myrat Gimmiýew ýeňiji boldy.

Şu aralykda aýal-gyzlaryň arasynda “duo şou” boýunça geçirilýän ýaryşlarda türkmenistanly Patma Hojaýewa we Jahan Durdyýewa kümüş medal gazandy.

XS
SM
MD
LG