Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow AOG-nyň başlygyny kabul etdi, moldowan ordenini aldy


Aşgabat, Gurbanguly Berdimuhamedow moldowan kärdeşi Igor Dodon bilen.
Aşgabat, Gurbanguly Berdimuhamedow moldowan kärdeşi Igor Dodon bilen.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatdaky “Ruhyýet” köşgünde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi, ol ýurda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin geldi.

Şeýle-de türkmen prezidenti bu dabara gatnaşmaga gelen moldowan kärdeşi Igor Dodon bilen duşuşdy.

Bu duşuşygyň yz ýanyndan türkmen prezidentine Moldowanyň ýokary döwlet sylagyny, “Respublika ordenini” gowşurmaklyga bagyşlanan dabara boldy diýip, TDH döwlet habar agentligi habar berýär.

Moldowanyň prezidenti Igor Dodon by sylagyň türkmen prezidentine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlary, şeýle-de käbir sosial meseleleri çözmäge eden ýardamy üçin moldowan halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG