ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 18-nji sentýabrda BMG-niň Nýu Ýorkdaky baş edarasynda geçiriljek duşuşykda guramany reformirlemek üçin global derejede goldawa eýe bolmak ugrunda hereket eder.
BMG-ni ýygy-ýygydan tankyt edýän Tramp bu iri halkara guramasyny özgertmek boýunça öz garaýyşlaryny mälim eder. Tramp 193 agzaly BMG-niň Baş Asambleýasynyň 19-25-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ýyllyk maslahatynda prezident wezipesinde ilkinji gezek çykyş eder.
Tramp BMG-niň reformasy barada Baş sekretary Antonio Guterresiň we dünýäniň 120 ýurdunyň gol çekjek deklarasiýasyna goşular.
ABŞ BMG-niň maliýe üpjünçiligine iň köp goşant goşýan ýurt hökmünde maliýe goşandygyny çäklendirjegini duýdurdy, Gutters munuň gurama üçin “çözüp bolmajak” problemalary döretjekdigini aýtdy.
Iýun aýynda Baş Assambleýa guramanyň parahatçylygy saklamak boýunça 8 milliard dollarlyk ýyllyk býujetini 600 million dollar möçberinde azaltmak boýunça ses berdi.
Şu ýyl Baş Assambleýanyň ýyllyk maslahatyna 130 çemesi ýurduň liderleri gatnaşar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!